Maý aýynda Ispaniýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýyllyk hasabynda 17,6% ýokarlanyp, 8,2 million boldy diýip, INE milli statistika edarasy habar berdi. Bu Ispaniýadaky gözegçiligiň tutuş taryhynda maý aýy üçin rekorddyr diýip, interfax.ru belleýär. Görkeziji pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň maý aýyndaky görkezijiden 3,8% ýokary boldy. Maý aýynda Ispaniýa syýahatçylaryň köpüsi Beýik Britaniýadan geldi – 1,8 milliondan gowrak ýa-da umumy sanyň 22,2%-i. Soňra Fransiýa we Germaniýa gelýär – degişlilikde, 1,2 million we tas 1,1 million myhman. Aýry-aýry ýurtlaryň arasynda ýyllyk hasabynda iň uly ösüşi ABŞ görkezdi, maý aýynda bu ýerden bir ýyl ozalkydan 38,8% köp adam geldi. Maý aýynda Ispaniýa howa ýoly arkaly 6,82 milliondan gowrak (ýyldan-ýyla +12,8%), awtomobil bilen 1,24 million (+52,8%), suw ýoly arkaly 128,4 müň (+9,4), demir ýollary arkaly 30,6 müň (+92,7%) syýahatçy geldi. Ýurduň myhmanlarynyň umumy çykdajylary ýyllyk aňlatmada 20,8%, 9,73 milliard ýewro çenli ýa-da adam başyna ortaça 1,2 müň ýewro artdy (+2,7%).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir