Amsterdamyň Reýksmuzeumynda niderlandiýaly suratkeş Ýan Wermeýeriň işlerine bagyşlanan ekspozisiýa 2023-nji ýylda dünýäde iň meşhur sergi boldy. Bu barada forbes.kz habar berýär. Wermeýeriň sergisi Reýksmuzeumda 10-njy fewraldan 4-nji iýun aralygynda geçirildi. Ekspozisiýanyň çäklerinde suratkeşiň biziň günlerimize gelip ýeten 37 ykrar edilen eseriniň 28-isi ýa-da onuň ähli eserleriniň 82%-i hödürlendi. Reýksmuzeumyň kolleksiýasynda Wermeýeriň diňe dört suraty bar. Galan ähli işler, şol sanda “Göwher gulakhalkaly gyz”, Pariždäki Luwrdan, Gaagadaky Maurishýoýsdan, Nýu-Ýorkdaky Frikiň kolleksiýasyndan we dünýäniň beýleki muzeýlerinden getirildi. Amsterdamdaky ekspozisiýada hödürlenen eserleriň käbiri Niderlandlarda öň görkezilmändi. Reýksmuzeumyň maglumatlaryna görä, sergä jemi 113 ýurtdan 650 000 adam baryp gördi, bu hem ony muzeýiň taryhynda iň üstünlikli muzeýe öwürdi. ARTnews neşiriniň maglumatlaryna görä, ekspozisiýa üçin petekler satuwa çykarylandan soň birnäçe günüň içinde doly satyldy. Sergi üçin käbir petekler eBay-da gaýtadan hem satyldy, olaryň bahasy 2724 dollara ýetdi. Reýksmuzeumyň özünde petegiň bahasy, takmynan, 33 dollardy.