Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) sişenbe güni Eýranyň resmi taýdan gurama agza bolandygyny habar berdi. Bu barada çözgüt şu gün ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde kabul edildi. Eýran guramanyň dokuzynjy agzasy boldy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda ŞHG-niň Samarkandda geçen sammitinde Eýranyň gurama girmegini maksat edinýän borçnamalary hakynda Ähtnama gol çekildi. ŞHG 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda Şanhaýda döredildi. Ilkibaşda gurama alty döwlet — Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan girýärdi. 2017-nji ýylda oňa Hindistan we Pakistan goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir