Duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Geňeşi maýa goýum ministrligini döretmek kararyna geldi. Bu barada BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaý emirliginiň hökümdary şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum habar berdi. “Şu gün men Abu-Dabidäki Prezident köşgünde Ministrler Geňeşiniň mejlisine başlyklyk etdim, onuň dowamynda birnäçe möhüm kararlary kabul etdik, olaryň birinjisi, doganym, döwletiň prezidenti (şeýh Muhammet ben Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda) federal hökümetiň düzüminde maýa goýum ministrliginiň döredilmeginiň we Muhammet Hasan as-Suwaýdiniň maýa goýum ministri wezipesine bellenilmeginiň tassyklanmagy boldy” diýip, şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum Twitterde ýazdy. Täze ministrligiň esasy maksady BAE üçin maýa goýum gözýetimini ösdürmekden, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny höweslendirmekden we kanunçylygyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelik bilen, BAE-niň dünýäde öňdebaryjy maýa goýum merkezi we dünýä maýa goýum bazarynda esasy oýunçy bolup galmagyny üpjün etmäge çalyşýarlar diýip, şeýh Muhammet ben Raşid Al Maktum düşündirdi.