Amerikanyň Meta korporasiýasy 6-njy iýulda Twitter sosial ulgamynyň analogyny — Threads goşundysyny çykarar. AppStore (Threads, an Instagram app) goşundylar bölüminiň amerikan segmentindäki düşündirişinden görnüşi ýaly, Ilon Maskyň Twitter-ine potensial bäsdeşi Instagram sosial ulgamynyň binýadynda işleýär. Bu goşundynyň düşündirişinde aýdylyşyna görä, Threads «jemgyýetçiligiň birleşýän ýeri» bolar we olar özlerini gyzyklandyrýan ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Geljekki ulanyjylar özlerini gyzyklandyrýan ynsanlar we pikirdeş adamlary barada bilmäge hem-de pikir alyşmaga, şeýle hem öz başlangyçlaryny, pikirlerini we döredijiligini paýlaşmaga çagyrylýar. ABŞ-daky ulanyjylar 6-njy iýulda AppStore-dan Theads-i mugt ýükläp alyp bilerler. 22-nji iýunda Metanyň baş direktory Mark Sukerberg Mask bilen başa-baş göreşe çykyp, düşünişmek barada ylalaşdy. Sebäbi Mask Metanyň Twitter bilen bäsleşýän programma açmak niýeti baradaky maglumat internetde peýda bolan dessine, garşydaşyny söweşe çagyrdy. Telekeçiler Las Wegasdaky meýdançada söweşmegi şertleşdiler.