Argentinaly oýunçy Lionel Messi “Inter Maýami” amerikan klubunda her ýyl $50 - $60 mln gazanar. Bu barada “El Pais” gazeti bilen söhbetdeşlikde toparyň prezidenti we egindeş eýesi Horhe Mas habar berdi diýip, TASS belleýär. “Şertnama boýunça Leo ýylda 50 mln dollardan 60 mln dollar aralygynda gazanar. Men Messini çagyrmak üçin üç ýyl sarp etdim. Bir ýarym ýyl örän işjeň geçdi, [futbolçynyň kakasy] Horhe bilen köp gepleşikler geçirildi” – diýip, Mas aýtdy. Argentinaly “Inter Maýamä” geçýändigini 7-nji iýunda mälim etdi. Onuň soňky kluby “Pari Sen-Žermen” bolup, ony geçen möwsümiň ahyrynda şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli terk etdi. Bu topar üçin hüjümçi 2021-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edip, dürli ýaryşlarda 74 oýna gatnaşdy, 32 gol we 35 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Messi iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy we bir gezek ýurduň Super kubogyny gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir