2023-nji ýylyň II çärýeginde Tesla elektromobil öndürijisi bahalaryň arzanlamagy we elektromobil satyn almak üçin hökümet tarapyndan berilýän pul kömegi netijesinde üpjünçiligi ep-esli ýokarlandyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Kompaniýa aprel – iýun aýlarynda global bazara bir ýyl ozalky 254 695 awtoulaga derek 466 145 awtoulag iberdi. Bu görkeziji Tesla üçin rekord boldy. Refinitiv tarapyndan sorag edilen analitikler üpjünçiligiň ortaça 445 müň awtoulag bolmagyna garaşypdylar. Model 3 we Model Y modelleriniň üpjünçiligi 446 915 birlik, has gymmat Model S we Model X modelleriniň üpjünçiligi bolsa 19 225 birlik boldy. Geçen çärýek Tesla 479,7 müň awtomobil öndürdi, bu bir ýyl ozalkydan 85,5% köpdür. Önümçilik yzygider bäşinji çärýek üpjünçilikden ýokary bolýar. Tesla birinji çärýek üçin maliýe hasabatyny 19-njy iýulda amerikan bazary ýapylandan soň hödürlemegi meýilleşdirýär. 2023-nji ýylyň başyndan bäri awtoöndürijiniň paýnamalarynyň bahasy 2,1 esse (112%) ýokarlandy, bu döwürde Nasdaq Composite maliýe indeksi 31,7% artdy.