Sewýerwilden (Tennessi ştaty, ABŞ) uzakda bolmadyk ýerde dünýäniň iň uly ýangyç bekedi açyldy. Onda 120 kolonka we köp sanly hyzmatlar bar. Olardan diňe ýeňil awtoulaglaryň sürüjileri peýdalanyp bilerler diýip, The Drive ýazýar. Bu toplum 6,9 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Ol Buc-ee toruna degişli we onda 350 adam işleýär. Bu ýerde söwda merkezi, dynç alyş zolagy, birnäçe azyk nokatlary we awtoulag duralgasy bar. Tirkegli uly ýük awtoulaglarynyň sürüjileri bu ýangyç bekediniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezler - olara girmäge rugsat berilmeýär. Operatoryň pikiriçe, ullakan ýük awtoulaglarynyň ýoklugy bu ýere gelýänleriň howpsuzlygy üçin has ygtybarlydyr. Buc-ee ulgamy 2003-nji ýylda peýda boldy we häzirki wagtda 58 toplumy bar. Tehasda mundan hem has uly ýangyç bekedi eýýäm gurulýar. Onuň meýdany 7 müň inedördül metrden geçer, ýöne kolonkalarynyň sany entek belli däl.