2023-nji ýylyň aprel aýynda Türkiýe Türkmenistandan 8 787 tonna gämi ýangyjyny import etdi. Bu barada Trend habar berýär. Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdiriji edarasynyň (EPDK) maglumatlaryna görä, bu möçber bellenilen döwürde nebit önümleriniň umumy türk importynyň 0,25 göterimine barabardyr. Geçen gezek Türkiýe Türkmenistandan 10 970 tonna gämi ýangyjyny import etdi (2023-nji ýylyň mart aýy). Şeýlelik bilen, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkiýe tarapyndan türkmen gämi ýangyjynyň importy 39 953 tonna boldy. 2022-nji ýylda Türkiýe Türkmenistandan 15 540 tonnadan gowrak gämi ýangyjyny import etdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden (2 060 tonna) 7,5 esse köpdür. Belläp geçsek, soňky ýyllarda Türkmenistan energiýa göterijileriniň daşary bazarlara eksportyny işjeň ösdürýär.