Lionel Messi Star+ striming hyzmatynyň “Goragçylar” (Los Protectores) serialynda surata düşdi – bu futbolçynyň ilkinji aktýorlyk tejribesi. Bu barada “Goal” sport neşiri habar berýär diýip, forbes.kz belleýär. Öň, oýunçy diňe mahabat wideolarynda surata düşüpdi. “Goragçylar” serialy soňky döwürde işleri başa barman, bankrot bolmaga ýakyn bolan üç futbol agenti barada gürrüň berýär. Gahrymanlar öz karýeralaryny halas etmek we täze futbol ýyldyzyny tapmak üçin birleşýärler. Messi serialda onuň ikinji möwsüminiň birinji epizodynda epizodiki keşpde peýda bolup, özüni oýnady. Sýužet boýunça agentler türgen bilen duşuşmak üçin Pariže gelýärler we oňa ýaş futbolçylary goldamak taslamasyna gatnaşmagy teklip edýärler. Ilkibaşda Messi bu başlangyja gyzyklanma bildirýär, ýöne soň gahrymanlar ony surata düşmek haýyşlary bilen biynjalyk edip başlaýarlar. Agentleriň biri bolsa ýaşlara kömek etmek üçin taslamanyň deregine öz biznes meýilnamasyny hödürläp başlaýar, bu hem futbolça ýaramaýar. “Meniň göwnüme, siz ýalňyşdyňyz öýdýän. Maňa siziň başga bir taslama barada gürrüň berjekdigiňizi aýdypdylar” – diýip, Messi “Goragçylarda” aýdýar. Serialda baş keşpleriň birini ýerine ýetiriji Andres Parra “Sport Bible” neşirine beren teswirinde “Goragçylaryň” ähli surata düşüriş toparynyň Lionel Messiniň diňe bir adamkärçilik häsiýetlerine däl, eýsem aktýorlyk ussatlygyna-da haýran galandygyny belledi. Futbolçynyň gatnaşmagyndaky epizod şou 25-nji iýunda strimingde çykdy.