Apple kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy 30-njy iýunda söwdadan öň ýene-de 3 trln dollardan geçdi. Aşgabat wagty bilen sagat 13:03-e çenli ýagdaýa görä, IT ägirdiniň paýnamalary NASDAQ biržasynda 0,64%, 190,8 dollara çenli gymmatlady, netijede kompaniýanyň bazar bahasy 3,001 trln dollara ýetdi. Kagyzlar kompaniýanyň 43 ýyllyk taryhynda iň ýokary derejä ýetdi diýip, quote.rbc.ru belleýär. Ilkinji gezek Apple-iň bazar bahasy 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda geçirilen söwdada 3 trln dollardan geçdi. Ýöne şonda kompaniýa söwda gününi 3 trln dollardan gowrak kapitallaşdyrma bilen tamamlap bilmedi. Wedbush analitik kompaniýasy Apple-iň bahalarynyň mundan beýläk hem ösmegini çaklaýar. Analitikleriň hasabyna görä, kompaniýanyň adalatly bazar bahasy 3,5 trln dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, Wedbush 2025-nji ýyla çenli iPhone öndürijisiniň kapitallaşdyrmasynyň häzirki derejeden ýene 25% - 4 trln dollara çenli ýokarlanyp biljekdigini çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir