Gyrgyzystanda Issyk-Kul kölüniň kenaryndaky geljekki Asman şäheriniň gurluşygy üçin kapsula goýuldy. Bu barada ýurduň prezidentiniň saýtynda habar berilýär diýip, realty.rbc.ru belleýär. Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdyşy ýaly, Asman innowasion şäheri Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän maliýe merkezine we Gyrgyzystanyň ykdysadyýeti üçin lokomotiwe öwrülmeli. “Asman şäheriniň taslamasyna we onuň gurluşygynyň başlamagyna döwlet býujetinden bir teňňe hem sarp edilmedi. Bu şeýle uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýän daşarky maýadarlaryň bolmagy bilen baglanyşyklydyr” – diýip, Žaparow belledi. Öň, Asman şäheriniň beýikden Gyrgyzystanyň milli aýdym-saz guraly komuz ýaly görünjekdigi habar berildi. Täze şäheriň meýdany 4 müň gektar bolup, onda 500 – 700 müň adam ýaşap biler. Taslamany durmuşa geçirmegiň takmynan möhleti ýedi ýyldan on ýyla çenlidir. Konsepsiýa laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa şäher Asman öňdebaryjy bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, döwrebap işewürlik merkezleriniň we maliýe-karz edaralarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýan ýurduň ykdysady we syýahatçylyk merkezi bolmaly. Şeýle-de, şäherde abadanlaşdyrylan ýerler we seýilgähler, döwrebap syýahatçylyk we sport infrastrukturasy bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir