2023-nji ýylda iň meşhur tomusky ugurlar saýlandy, onluga birbada Ýewropanyň 6 şäheri girdi diýip, Tengritravel.kz habar berýär. ForwardKeys analitik kompaniýasy şu tomus (1-nji iýuldan 31-nji awgust aralygy) dünýäde iň meşhur 100 ugry kesgitledi. Kompaniýanyň hasabaty dünýä jemgyýetçiliginiň islegleriniň COVID-19 pandemiýasy sebäpli düýpli üýtgändigini görkezdi. 1,1 milliarddan gowrak gözleg talaplaryny işlemegiň netijesi boýunça, tomus üçin iň meşhur şäher – ugur ikinji orny eýelän Parižden öňe geçen Bangkok boldy. Şeýle-de bolsa, Ýewropa sanawdaky şäherleriň umumy sany boýunça iň bir isleg bildirilýän ugur bolmagynda galýar. Sanawyň ilkinji üçlügini London jemleýär. Onuň yzyndan Denpasar (Bali), Barselona, Nýu-Ýork, Lissabon, Stambul, Madrid, Afina şäherleri gelýär. Sanawyň ilkinji ýigrimiliginden, bulardan başga-da, Palma-de-Maýorka, Singapur, Tokio, Kuala-Lumpur, Amsterdam, Kopengagen, Los-Anjeles, Rim, Manila, Frankfurt ýaly şäherler orun aldy. Olaryň yzyny Antalýa, Berlin, Kankun, Kair, Deli, Dubaý ýaly birnäçe ajaýyp şäherler dowam etdirýär. Geçen ýylky reýtingler bilen deňeşdirilende dürli ugurlaryň meşhurlygy bilen bagly düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi diýip, çeşme belleýär. Tailandyň paýtagty Bangkokyň üç orun ýokary galyp, Parižden hem öňe geçip, birinji orny eýelemegi muňa aýdyň delildir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir