Ilon Mask 14 ýaşly Kaýran Kwazini SpaceX kompaniýasyna programmist-inžener edip işe aldy. Işe girişmek üçin ýiti zehinli çaga hossarlyk edýän ejesi bilen birlikde Waşington ştatynyň Redmond şäherine göçer. Ýetginjek häzirki wagtda Las Pozitas tehniki kollejinde okuwyny tamamlaýar. Ondan öň Kwazi orta mekdebi tapawutlanan attestat bilen deň-duşlaryndan has ir gutardy. Geljekde ýigit Santa-Klara uniwersitetiniň inženerçilik mekdebine girmegi meýilleşdirýär we okuwy gutarandan soň bolsa informatika boýunça alymlyk derejesini almak isleýär. Kwaziniň sözlerine görä, ol işe ýerleşenine begenýär we hemme zat isleýşi ýaly ugruna bolup barýar diýip, Los Angeles Times neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir