Gazagystanyň Milli banky 6-njy iýulda boljak respublikanyň 25 ýyllygy mynasybetli kolleksiýa teňňelerini dolanyşyga çykarar. Bu barada maliýe düzgünleşdirijisiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär. Astananyň ýubileýiniň şanyna çykaryljak teňňeler “Görnükli wakalar we adamlar” seriýasynyň bir bölegi bolar. Olaryň satuwy 3-nji iýulda Milli bankyň internet dükany arkaly başlar. “Astana. 25 Jyl” ýazgyly 100 tenge ($0,2) bahaly teňňeler melhiordan taýýarlandy. Umumy tiraž 20 müň birlik bolar. Kolleksiýa teňňeleri bellenilen gymmaty boýunça Gazagystanyň ähli ýerinde tölegiň ähli görnüşleri boýunça, şeýle-de bank hasabyna geçirmek hem-de ýurduň ähli banklarynda geçirmek we alyş-çalyş etmek üçin kabul edilmelidir. Kolleksiýa teňňeleri Gazagystanyň zikgehanasynda taýýarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir