Ispaniýanyň “Marca” neşiri 2022/23-möwsüminiň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Ikinji orunda “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi, üçlügi Madridiň “Realyndan” braziliýaly Winisius Žunior jemleýär. Reýtingiň ilkinji bäşligine “Pari Sen-Žermeniň” oýunçysy Kilian Mbappe we “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne hem girdi diýip, gazeta.ru belleýär. Holand geçen möwsümde “Mançester Sitiniň” iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Ol ähli ýaryşlarda 52 oýna gatnaşyp, 52 gol geçirdi we dokuz netijeli geçirim etdi. Belläp geçsek, bu norwegiýaly oýunçy üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda ilkinji möwsüm. Onuň klub bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär. Ol 2022/23-möwsüminde topar bilen bilelikde Angliýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Çempionlar ligasyny utdy.