“Formula-1” Awstriýanyň Gran-prisini geçirmek üçin şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli uzaldylandygyny resmi taýdan habar berdi. Şpilbergdäki awtodrom bilen öňki şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenipdi diýip, championat.com habar berýär. “Men bu täzeligi Awstriýadaky hyzmatdaşlarymyza habar bermäge şat. Sportuň bu görnüşini söýen adam Ditrih Mateşisiň hyjuwy muny mümkin etdi. Bu aýratyn pursat we Mateşise bolan hormatyň alamaty hökmünde biz bu ýerde ýaryşlara 2030-njy ýyla çenli gatnaşjakdygymyzy tassyklap bileris. Awstriýadaky ýaryşy sürüjiler we janköýerler gowy görýär we biz bu ýerde köp ýyllyk çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, çempionatyň metbugat gullugy “Formula-1-iň” ýolbaşçysy Stefano Domenikaliniň sözlerini getirýär. Ýatlap geçsek, Awstriýanyň ýoly “Formula-1-iň” senenamasyna 11 ýyldan soň 2014-nji ýylda gaýdyp geldi.