Dünýädäki iň iri Toyota Motor awtoulag korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda 2022-nji maliýe ýylyndaky (2023-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlandy) bitiren işleri üçin 999 million ýen (takmynan 7 million dollar) baýrak aldy. Bu barada kompaniýanyň anna güni çap eden resmi hasabatynda aýdylýar. Korporasiýany esaslandyryjy Kiitiro Toýodanyň urugynyň agzasy, 67 ýaşly Akio Toýoda şu ýylyň 31-nji martyna çenli prezident bolup işledi we ýokary ygtyýarlylygy “Lexus” premium-klasly awtoulaglary öndürmek boýunça bölüme ýolbaşçylyk eden 53 ýaşly Kodzi Sato geçirmek üçin meýletin işinden çekildi. Direktorlar geňeşiniň başlygy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär we iri işewürlik birleşiklerinde işleýär. Toyota Motor-yň ýokary ýolbaşçylary, beýleki iri korporasiýalarda bolşy ýaly, aýlyk alman, bir ýylky işiň netijelerine esaslanyp, bir gezeklik hak alýarlar. Akio Toýoda geçen ýyl 685 million ýen (bary-ýogy 5 million dollar) aldy. Toyota Motor 2023-nji maliýe ýylynda söwdasyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,4 göterim artdyrdy. Ol korporasiýanyň taryhynda iň ýokary derejä çykaryldy - takmynan 37,2 trillion ýen (takmynan 257 milliard dollar). Korporasiýanyň arassa girdejisi takmynan 17 milliard dollar boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir