“Pari Sen-Žermende” oýnan argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň goly geçen möwsüm Çempionlar ligasynda iň gowy gol diýlip ykrar edildi. Bu barada ýaryşyň “Twitterine” salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär. Janköýerleriň ses bermeginiň netijesi boýunça Messiniň toparlaýyn tapgyryň “Benfika” garşy oýnunda (1:1) geçiren goly iň gowusy boldy. Oýunçy goly jerime çyzygyndan aýlawly urgy bilen geçirdi. Ses berişlikde ikinji orny Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunioryň ýarym finalda “Mançester Sitiniň” derwezesine garşy geçiren goly, üçünji orny bolsa “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holandyň toparlaýyn tapgyrda Dortmundyň “Borussiýasyna” garşy oýunda geçiren goly eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir