Tomsuň yssy günlerinde Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda köp gezmek diňe bir saglyk ýagdaýy bilen bagly näsazlygy bolan adamlar üçin däl, eýsem sagdyn adamlar üçin hem zyýanly bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda, mümkin boldugyndan, Günden goraýjy serişdelerden peýdalanyp, ýiti şöhläniň aşagynda köp gezmezlige çalyşmaly. Aşakda Tmcars.info şeýle yssy günlerde peýdaly bolup biläýjek birnäçe maslahatlary hödürleýär. Köçede Güneşli howada köçede köp wagt geçirmekden gaça durmaga çalşyň. Gezelenç wagtyny agşama ýa-da ir sähere geçirmek has ýerlikli bolar, sagat 10:00-dan 16:00-a çenli bolsa, mümkin boldugyndan, kölegede ýa-da ýapyk binada boluň. Gündiz fiziki agramlar we sport bilen meşgullanmagy azaltmaly. Ýapyk binada Perdeleri ýapyp, Günüň göni şöhleleriniň otagyň içine düşmeginden gaçyň. Şol bir wagtyň özünde, otagy wagtal-wagtal ýelejiredip durmagy ýatdan çykarmaň. Kondisioner ulanylanda howany daşarky temperaturadan 5 gradusdan pes sowatmak maslahat berilmeýär. Egin-eşik we arassaçylyk Egin-eşikleriň, aýakgabyň we içki geýimleriň diňe tebigy matalardan we materiallardan, şeýle-de açyk reňklerden bolmagyny gazanyň. Dar egin-eşik yssy howada bedeniň gyzmagyna getirýär. Gün urmasyndan bolsa kellä geýilýän zatlar gorar. Gün şöhlesinden goraýan äýnekler we saýawanlar hem peýdaly bolar. Lukmanlar günde iki-üç gezek sowugrak duşa düşmegi, şeýle-de ýüzi we elleri ýyly suw ýa-da çyg polotense bilen nemlendirmegi maslahat berýärler. Aýallara deriniň “dem almagy” üçin kosmetika serişdelerini ulanmagy çäklendirmek maslahat berilýär. Iýmit we iýmitleniş Köpräk gök önümleri we miweleri iýiň. Yssy günlerde bedeniň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin gündelik rasiondan eti, şeýle-de ýagly we gowrulan iýmitleri aýyrmak maslahat berilýär. Yssy howada bedeniň suwuklygy çalt ýitirýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Agyz suw režimini berjaý etmek we her gün 1,5 litre golaý suw içmek maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde süýji we gazlandyrylan içgilerden saklanmak has gowy bolar. Agyz suwunyň, içgileriň, çaýyň maslahat berilýän temperaturasy 10 – 15°C bolmaly. Şeýle-de, bedenden deriň üsti bilen çykýan duzlaryň we mikroelementleriň mineral ýa-da birneme duzly suw, süýtli-turşy içgiler (ýagsyzlandyrylan süýt), süýji däl şireli suwlar, witaminleşdirilen içgiler, kislorod-belokly kokteýller bilen öwezini dolmaly. Yssy howada giňelip, ýylylyk alşygyny üpjün edýän gan aýlanyş damarlarynyň gysylmagynyň öňüni almak üçin gaty sowuk suw içmeli däl. Kofeni içmegi hem çäklendirmeli, sebäbi ol suwsuzlyga getirýär. Ilkinji kömek Eger yssy howada adam huşuny ýitirse, gowşaklygy, ýüregiň bulanmagyny we gaýtarmany, eliň we garnyň myşsalarynyň damarynyň çekmegini (ýylylyk sebäpli gowşamanyň ýa-da Günüň urmasynyň alamatlary) başdan geçirse, ony hökman kölegä ýa-da kondisionerlenýän ýere geçirip we suw berip, arkalygyna ýatyrmaly. Gün uran ýagdaýynda ejir çekeni lukmana görkezmeli. Gün ýanyklary peýda bolan ýagdaýynda, ilki bilen, zeper ýeten ýere deri örtügini sowatmak üçin çyg polotensäni goýmaly. Şondan soň ýanyga garşy süpürgiçleri, deskpantenol esasly serişdeleri ulanmak bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir