“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler, üçünji orny onuň topardaşy Karlos Saýns eýeledi. Awstriýanyň Gran-prisi möwsümde sprint ýaryşyny öz içine alýan ikinji tapgyr bolar. 2023-nji ýylda şeýle Gran-priler jemi alty sany. Sprint üçin saýlama tapgyry şenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlar, sprint ýaryşynyň özi şol gün Aşgabat wagty bilen sagat 19:30-da geçiriler. Sprint ýaryşynyň jemi boýunça ilkinji sekiz sürüji utuk alar: ýeňiji sekiz bal, sekizinji bolup pellehana gelen bir bal gazanar. Ýaryş ýekşenbe güni geçirilip, sagat 18:00-da başlar.