28-nji iýunda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Biz geljekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şol çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinde, bellenen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam etmek, olary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki çäreleri hem işläp taýýarlamagy maksat edinýäris» diýip belledi. Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri gazna tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara onlarça operasiýanyň geçirilendigini belläp, häzirki döwürde bejergi alan çagalara lukmançylyk gözegçiliginiň ýola goýlandygyny aýtdy. Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň uçurymlaryna noutbuk kompýuterleri, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň maslahatlaşylýandygyny belläp, onuň esasy maksadynyň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga ýardam etmekden we gaznanyň işine maslahat beriş goldawyny bermekden ybaratdygyny aýtdy. Ýaşulular geňeşiniň geçen mejlislerinde howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek, olara ata-babalarymyzyň däplerine laýyk mynasyp at dakmak boýunça geçirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdyk we degişli çözgütleri kabul etdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.