Türkmenistanda «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen döredilen «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany şu gün, 29-njy iýunda çapdan çykdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow gazetiň çapdan çykmagy mynasybetli «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany täze döredilen gazetiň ilkinji sanynyň çykmagy mynasybetli gutlap, täze neşiriň oňyn özgertmelerimiziň, giň gerimli başlangyçlarymyzyň düýp many-mazmunyny halka düşündirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, şäher ýaşaýjylarynyň, ähli watandaşlarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanjakdygyna berk ynanýandygyny belledi. Gazetiň birinji sanyny şu saglydan ýükläp alyp bilersiňiz.