Porsche France täze Porsche 911 görnüşiniň tizerini çykardy. Awtoulag Le Mans Classic ýaryşy başlanda - 29-njy iýunda hödürlener. Suratyň arka fonunda Porsche 356 SL - 1951-nji ýylda 1100 kub.sm klasda “Le Manyň 24 sagady” ýaryşynyň ýeňijisi görkezilýär. Porsche bu markanyň awtoulaglarynyň ençeme gezek ýeňiji bolan meşhur ýaryşa bagyşlanan Porsche 911-iň ýörite wersiýasyny çykarar diýlip çaklanylýar. Porsche-niň ajaýyp san maglumaty bar: 19 sany umumy ýeňşe we klasda 108 ýeňşe eýe. Porsche, köplenç, anyk alnan ýurtlar üçin Porsche 911-iň ýörite wersiýalaryny döredýär, şonuň üçin täze wersiýanyň diňe Fransiýa degişli bolmagy hem mümkin diýip, Motor1 belleýär.