28-nji iýunda Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji dabaraly ýagdaýda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy. Bellenilişi ýaly, bu medal häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp gowşuryldy. Serdar Berdimuhamedow Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça anyk teklipleri öwrenmäge taýýardygyny belläp, Serdar Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjä gowşurylan ýokary sylagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir