Şu gün, 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan «TOGG» kysymly elektrikli awtoulagy sowgat berdiler. Bu barada www.atavatan-turkmenistan.com saýty habar berýär. Türkiýe Respublikasynda işlenip düzülen we öndürilen «TOGG» ady bilen meşhurlyk gazanan elektrikli ulag şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem sowgat berildi. Türkiýäniň wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Prezidentine awtoulaglaryň açarlaryny uly hormat bilen gowşurdylar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine bu awtoulag barada maglumat berdiler. «TOGG» kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda açyldy. Şol açylyş dabarasynda Prezident Ärdogan ilkinji awtoulagy synag edip görüpdi. Elektrikli awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsi öndüriler. 2030-njy ýyla çenli önümçilik kuwwaty 1 milliona ýetiriler. Awtoulaglar 2 görnüşde – 200 we 400 at güýjünde çykarylýar. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip bilýär. Awtoulag bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär. Mundan ozal, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine hem-de Azerbaýjanyň Prezidentine “TOGG” kysymly awtoulaglar sowgat edilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir