Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy resmi metbugatda çap edildi. «Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar». «Naz-nygmatly bereketli saçaklarymyzy giňden ýazyp, eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalaryny berip, doga-dileg edýäris. Gurban baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň, halkara we medeni çäreleriň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşyp gelmegi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi dabaralandyrýar, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrýar» - diýlip Gutlagda aýdylýar.