Golliwudyň aktýorlary Raýan Reýnolds we Rob Makelhenni “Formula-1-iň” “Alpine Racing” toparynyň paýnamalarynyň 24%-ine eýeçilik edýän maýadarlar toparyna girdi. Bu barada “Alpine-iň” baş kompaniýasy Renault-yň metbugat gullugy habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär. Golliwud aktýorlary maýadarlaryň toparyna Otro Capital we RedBird Capital Partners bilen girdi. Şertnamanyň bahasy 200 mln ýewro boldy. “Alpine” şu ýyl “Formula-1” konstruktorlarynyň çempionatynda bäşinji orny eýeleýär. RedBird amerikan maýa goýum kompaniýasy Angliýanyň premýer-ligasynyň “Liwerpul” klubunyň we “Boston Red Soks” beýsbol toparynyň eýesi bolan Fenway Sports Group-yň maýadarydyr. RedBird 2022-nji ýylyň awgust aýynda 1,2 mlrd ýewro Italiýanyň iň köp titula eýe bolan toparlarynyň biri bolan “Milany” satyn aldy. Mundan başga-da, ol “Tuluza” fransuz toparynyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyna eýeçilik edýär. Reýnolds – kanadaly aktýor we kinoprodýuser. Ol, esasan, Marvel komiksleri esasynda surata düşürilen filmlerde Dedpuluň keşbi bilen bellidir. Robert Makelhenni – amerikaly aktýor, prodýuser, ssenariýaçy we režissýor. Ol taryhda iň dowamly komediýa teleserialy bolan “Filadelfiýada elmydama güneşli” filminde Makyň keşbi bilen meşhurdyr.