Müsüriň häkimiýetleri ýurduň çäginde dört güne çenli möhlet üçin mugt tranzit wizasyny almak mümkinçiligini hödürlediler. Bu barada Kairdäki Egypt Air awiakompaniýasynyň baş ofisi habar berdi diýip, TASS belleýär. Awiakompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, indi 8 sagatdan 96 sagada çenli möhlet bilen Müsüre giriş üçin tranzit wizasyny almak mümkinçiligi peýda boldy. Tranzit wizasyny Kairiň halkara howa menziline geleniňde mugt resmileşdirmek bolýar. Egypt Air-iň ofisinde ýolagçynyň, şeýle wizany almak islese, geleninden soň awiakompaniýanyň tranzit ofisine ýüz tutmalydygy we şeýle ýagdaýlar üçin adaty bolan ýörite anketany doldurmalydygy bellenilýär. Şeýle çözgüt döwletiň durnukly ösüş maksatlara ýetmek ugrunda giriş syýahatçylygyny işjeňleşdirmek maksady bilen, şeýle-de Müsüre gelýän syýahatçylara we myhmanlara goldawy üpjün etmek üçin kabul edildi diýip, awiakompaniýa belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir