Hytaýyň GAC kompaniýasy awtoulagyň ammiak bilen işleýän dünýäde ilkinji içiden ýandyrylýan hereketlendirijisini öndürendigini habar berdi. Ammiak wodorod ýaly benziniň we dizeliň ornuny tutjak, ekologiýa taýdan arassa alternatiwa hökmünde görülýär. Şeýle-de bolsa, ammiagyň birnäçe ýetmezçiligi bar: tutaşyşy pes we azot oksidini zyňyşy ýokary derejede. Şol bir wagtyň özünde, GAC-yň özi, adaty ýangyç bilen deňeşdirilende, uglerod zyňyndylarynyň 90% azaljakdygyny aýdýar. Ammiagy ýakmagyň kynlygy bilen bagly meseläni çalt ýeňip geçdik we bu ýangyjy ýeňil awtoulaglarda ulanyp başladyk. Ol jemgyýet we täjirçilik maksatly ulanmak üçin ýokary ähmiýete eýe bolup biler - diýip hünärmenler belleýär. Kompaniýa 163 at güýji bolan iki litrlik hereketlendirijini görkezdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, kompaniýa köpçülik üçin çykarylýan ýeňil awtoulaglarda şeýle hereketlendirijileri ulanmagyň geljegi barada hiç zat aýtmady. Şeýle-de bolsa, bu gazy işlemek aňsat däl, ol zäherlidir we ýeňil awtoulaglarda ulanmak üçin infrastruktura ýok. Şol bir wagtyň özünde ammiak alternatiw ýangyç hökmünde öňem ulanylýardy, ýöne, esasan, deňiz ulag gatnawlary pudagynda peýdalanylýardy.