Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) prezidenti Dana Uaýt Mark Sukerberg bilen Ilon Maskyň oktagondaky söweşiniň 1 milliard dollardan gowrak girdeji getirjekdigini aýtdy. Köp adamyň muny diňe halky we metbugaty gyzykdyryp-güýmemek üçin milliarderleriň tapan degişmesi diýip pikir edýändigine garamazdan, olaryň çyny bilen söweşmek kararyna gelendiklerini tassyklady. Dana Uaýt TMZ-ä beren interwýusynda: "Bu dünýä taryhynda iň köp tomaşa ediljek söweş bolar. Tomaşa etmek üçin tölenjek pul rekord goýar - diýdi. Dana Uaýt iň köp tomaşa edilen söweşiň 2017-nji ýylda 600 million dollardan gowrak girdeji getiren Konor Makgregor bilen Floýd Meýwezeriň söweşi bolandygyny aýtdy. Onuň çaklamalaryna görä, Mask-Sukerberg söweşiniň girdejisi bu mukdardan üç esse köp bolar. Uaýt milliarderleriň söweşe “çynlakaý çemeleşýändigini” hem-de Mark Sukerberg we Elon Musk bilen bu barada bir ýarym sagat gürleşendigini aýtdy. "Bu ýigitleriň çyny bolsa, adamlaryň görmek isleýän söweşlerini dowam etdirerin. Ýöne bu entek başy. Soňunam, görübereris” - diýdi. Belläp geçsek, Metanyň “Twitter” sosial ulgamyna bäsdeş taýýarlaýandygy mälim bolansoň, Ilon Maskyň Mark Sukerbergi söweşe çagyrandygyny ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir