28-nji iýunda Özbegistanda ýurduň prezident saýlawlarynda möhletinden öň ses bermeklik başlandy diýip, Trend agentligi çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanyp habar berýär. Möhletinden öň ses bermeklik 28-nji iýundan 5-nji iýul aralygynda geçiriler. Saýlawlaryň özi 9-njy iýula bellenildi. Şu gezekki prezident saýlawlary Özbegistanda 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde sala salşyklar geçirilenden soň, Konstitusiýa üýtgeşmeler girizileni bäri geçirilýän ilkinji saýlawlardyr. Täze girizilen üýtgetmelere laýyklykda, prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhleti 5-den 7 ýyla çenli uzaldyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir