Iýun aýynyň başynda Apple kompaniýasy öz mobil operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny — iOS 17-ni hödürledi. Indi bu täze ulgamyň nähili täsin aýratynlyklarynyň bardygy belli boldy. iOS-yň öňki wersiýasy bilen Apple enjamlary şekilleri tekste öwürmek we suratlardaky zatlary tanamak ukybyna eýe bolupdy. Indi bu mümkinçilikler giňeldiler. iOS 17-de wizual derňewi ulanyp, ulgam awtoulagdaky näsazlyklary anyklap biler. "Suratdaky näme?" atly funksiýa iPhone kamerasynyň kömegi bilen awtoulagyň dolandyryş panelindäki nyşanlary tanamaga we ýüze çykaýjak kynçylyklar hem-de näsazlyklar barada habar bermäge mümkinçilik berýär. Reddit-iň ulanyjylarynyň belleýşi ýaly, iOS 17 beta-daky “Suratlar” goşundysy awtoulagyň nyşanlaryny - dolandyryş panelindäki görkezijilerden başlap, farany sazlamak we kabinadaky howany dolandyrmak üçin nyşanlara çenli tanamagy öwrendi. Surata düşmek, mediateka girip, suratyň aşagyndaky destiň nyşanyna basmak ýeterlikdir. Ulgam onda tanalan nyşanlaryň hemmesini derrew onlaýn makalalara girilýän baglanyşyklary görkezmek bilen berer. Elbetde, funksiýa näsazlyklary düzetmegiň doly bahaly guralynyň ornuny tutup bilmez. Awtoulagyň ýagdaýyny barlamak üçin hünärmenlere ýüz tutmak has gowudyr. Şeýle-de bolsa, gollanmany gözläniňden eliňe smartfony alanyň has aňsatka, täze aýratynlyk gaty amatly bolar. Mundan başga-da, ol diňe sürüjilere kömek etmän, eýsem, bu funksiýany ulanyp, naharlaryň suratlaryndan reseptleri saýlap bilersiňiz, şeýle hem bir suratyň üsti bilen gyzyklanýan zadyňyzy belläp, bu barada jikme-jik maglumat alyp bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir