Şweýsariýanyň Julius Baer banky tarapyndan düzülen baý adamlaryň ýaşaýşy üçin dünýäniň iň gymmat şäherleriniň reýtinginde ilkinji gezek birinji orny Singapur eýeledi. Bu şäher döwleti ikinji we üçünji orunlary eýelän Şanhaýdan we Gonkongdan öňe geçdi diýip, forbes.kz habar berýär. Reýting düzülende bankyň hünärmenleri $1 mln we ondan ýokary girdejili hem-de talaplara laýyk gelýän adamlar üçin dünýäniň 25 şäherinde ýaşaýşyň bahasyny öwrendiler. Şäherler 12 harytdan we sekiz hyzmatdan ybarat sebediň bahalarynyň jemi boýunça tertipleşdirildi. Singapur pandemiýadan soň barly adamlary özüne çekdi, bu hem bahalara öz täsirini ýetirdi. “Ýaşaýyş jaý emläklerine aşa ýokary isleg bildirilýär, salgyt salynýan awtomobiller we zerur lukmançylyk ätiýaçlandyryşy dünýädäki ortaça derejeden, degişlilikde, 133% we 109% gymmatdyr” – diýlip, gözlegde bellenilýär. Reýtingde London ikinji orundan dördünji orna düşdi. Bankyň hünärmenleri Brexit-iň we “soňky bulaşyklyklaryň” Beýik Britaniýanyň abraýyna zyýan ýetirýändigini, şäheriň Dubaý we Singapur ýaly ösýän maliýe merkezleri tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýöne bu ýerde awtomobiller we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin bahalaryň reýtinge giren köp şäherlere garanda pesdigini bellediler. Nýu-Ýork dollaryň berkemegi we pandemiýadan soň myhmanlaryň köpelmegi netijesinde 11-nji orundan bäşinji orna çykdy. Ilkinji onluga Monako, Dubaý, Taýbeý, San-Paulu we Maýami hem girdi. Dubaý top-10-a ilkinji gezek girip, ýedinji orny eýeledi. Julius Baer-iň analitikleriniň pikiriçe, ol köp sanly baý adamlaryň göçüp gelmegi netijesinde reýtingiň “ýyldyz oýunçysy” boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir