Horwatiýaly ýarym goragçy Luka Modriç “Real” bilen şertnamany bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Madridiň klubunyň saýtyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär. Modriç “Realda” 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýär, klub üçin 448 oýna gatnaşyp, 23 titula eýe boldy, şol sanda bäş gezekden Çempionlar ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda, dört gezek UEFA-nyň Super kubogynda, üç gezek Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. 2018-nji ýylda Modriç dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde “Altyn top” baýragyny aldy. Geçen möwsüm Modriç “Real” üçin 52 oýunda alty gol geçirdi. Horwatiýanyň milli ýygyndysynda Modriç karýerasynyň dowamynda 166 oýna gatnaşyp, 24 gol geçirdi, 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş we Katarda geçirilen dünýä birinjiliginiň bürünç baýragyna, şeýle-de Milletler ligasynyň kümüş baýragyna (2023) eýe boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir