YouTube wideohostingi duşenbe gününden wagtlaýyn neşirleriň (“storis”) formatyndan ýüz öwürdi. Bu barada serwise eýeçilik edýän Google kompaniýasynyň saýtynda habar berildi diýip, TASS belleýär. Munuň deregine YouTube gysga wertikal wideo formaty bolan Shorts-dan peýdalanmagy teklip edýär. Bölüm wideohostingiň baş sahypasynda elýeterlidir. Bu döwre çenli ýerleşdirilen ähli storisler bolsa ýedi günden bozular diýlip, Google kompaniýasynyň habarynda bellenilýär. Ýatlap geçsek, YouTube Stories 2017-nji ýylda işe girizildi. Ilkibaşda “storis” formaty 2013-nji ýylda Snapchat programmasynda peýda boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir