Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary işler ministrligine Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Bu barada Kyodo habarlar agentligi mälim edýär. Premýer-ministr bu barada ýurduň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa tebigy baýlyklara baý möhüm geosyýasy sebit bolup, Ýaponiýa üçin uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem kabul edilen resminamada 2024-nji ýyldan başlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek bellenilýär. Belläp geçsek, şu ýylyň maýynda ilkinji gezek «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň mejlisi geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir