Saud Arabystanyndaky yslam dünýäsiniň merkezi bolan Mekge 160 döwletden iki milliondan gowrak zyýaratçyny haj parzy üçin kabul eder. Bu barada AFP agentligine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, haj parzyny berjaý etmeklik 24-nji iýunda irden al-Haram metjidindäki musulman mukaddesligi bolan Käbäniň daşyndan aýlanmak bilen başlandy. Uly metjidiň daşynda müňlerçe adam doga-dileg etdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde howanyň temperaturasy Selsiý boýunça 45 gradusa çenli ýokarlandy we Saud Arabystanynyň häkimiýetleri Mekgäniň köçelerine 32 000 lukmançylyk işgärini çykardylar, al-Haramyň töwereginde bolsa tiz kömek ulaglary, ykjam klinikalar we ýangyn söndüriji ulaglar nobatçylyk edýär. Ýatlap geçsek, haj yslamyň bäş sütüniniň biri bolup, serişdesi bolan her bir musulman tarapyndan, iň bolmanda, ömründe bir gezek berjaý edilmelidir. 2019-njy ýylda haja 2,5 million töweregi adam gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir