Wena ýaşaýyş derejesi boýunça dünýäniň iň gowy şäheri diýen adyny saklap, “Economist Economist Intelligence Unit” (EIU) iňlis žurnalynyň seljeriş bölüminiň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi. Global Liveability Index 2023-iň hasabaty penşenbe güni EIU tarapyndan tanyşdyryldy. Awstriýanyň paýtagty 172 şäheriň sanawynda Kopengagenden (2-nji ýer), Melburndan we Sidneýden öňde durýar. Hünärmenler dünýäniň şäherlerindäki ýaşaýyşyň derejesine birnäçe görkezijiler boýunça baha berdiler we deňeşdirdiler: ösüşiň durnuklylygy, medeniýet, ekologiýa, saglygy goraýyş, bilim we infrastruktura. Awstraliýanyň 3-nji we 4-nji ýerleri eýelän iň uly şäherleri geçen ýyl ýitiren orunlaryny yzyna gaýtaryp aldylar (degişlilikde 10-njy we 13-nji ýer). Şu ýyl ilkinji bäşlige girenleriň arasynda Wankuwer bar. Geçen ýyl EIU-nyň sanawynda 34-nji orny eýelän Oklend, Sýurihi we Ženewany (6-njy we 7-nji), şeýle hem Kalgarini we Torontony (7-nji we 9-njy) öňe goýberip, Osaka bilen 10-njy orny paýlaşdy. EIU-niň sanawyny Alžir, Tripoli we Damask ýapýar. Ondan öň Wena birnäçe ýyl yzly-yzyna ýaşamak üçin iň amatly şäher diýen ada eýe bolupdy, ýöne 2021-nji ýylda ol bu ýerini Oklende berdi we 2022-nji ýylda birinji ýerini yzyna gaýtaryp aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir