Ispaniýanyň düzüminde 2010-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempiony Serhio Buskets «Inter Maýami» amerikan klubuna geçdi. Bu barada klubuň Metbugat gullugy habar berýär. Ylalaşygyň detallary mälim edilmeýär. Buskets 34 ýaşynda, tutuş karýerasynyň dowamynda ol ispan «Barselonasynda» çykyş etdi. Klubuň düzüminde ýarym goragçy dokuz gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek Çempionlar ligasyny we UEFA Superkubogyny gazandy, şeýle hem ýedi gezek Ispaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny aldy. Buskets şeýle hem Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýä çempiony we 2012-nji ýylda Ýewropanyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir