Saud Arabystany 2030-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge dalaş etmez. Bu barada “Marca” habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Saud Arabystany bu ýaryşy Gresiýa we Müsür bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdiripdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri hyzmatdaşlara Portugaliýanyň, Ispaniýanyň we Marokkonyň geçirmek islegi bilen bäsleşip bolmajakdygyna ynamyň bardygy sebäpli islegden ýüz öwürýändigini habar berdi. Şeýle-de, ýaryşy geçirmäge Argentinadan, Urugwaýdan, Çiliden we Paragwaýdan Günorta Amerikanyň arzasy dalaş edýär. Ýaryşyň hojaýynlary 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda yglan ediler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir