Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligi 2024-nji ýylda dürli keselleri bejermegiň usullaryny gözlemek üçin superkompýuteriň kömegi bilen adam beýnisiniň işiniň nusgasyny döretmek boýunça taslama başlar. Bu barada “Yomiuri” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär. Alymlar maglumatlar bazasyny dörederler, oňa ýerli hassalaryň ýagdaýy barada maglumatlar we maýmynlarda geçirilen tejribeleriň netijeleri giriziler. Soňra superkompýuter bu maglumatlar bazasyny seljerer we onuň esasynda beýniniň işiniň modelini döreder. Gözlegçiler alnan modeli demensiýanyň we depressiýanyň döremeginiň sebäplerini ýüze çykarmak, şeýle-de işlenip düzülýän serişdeleriň synaglaryny simulirlemek üçin ulanmagy maksat edinýärler. Bu taslamanyň çäklerinde geçiriljek gözlegiň alty ýyl töweregi dowam etmegine garaşylýar. Bu maksatlar üçin Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 10 mlrd ýena (takmynan, $70 mln) möçberde goşmaça býujet çekmegi meýilleşdirýär.