24-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. Irden Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde bar bolan täze desgalar, olaryň ähmiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Soňra Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna geldiler. Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary öz içinde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde uçaryň nähili dolandyrylmalydygy, uçary ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly şertlere eýe bolarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyndan soňra, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar we binanyň içinde ýaşamak hem-de dynç almak üçin niýetlenen otaglaryň içi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik we medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýolýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köpzolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşdygyň dowamynda olaryň birnäçe bellikler aýdyldy hem-de degişli düzedişler girizildi. Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary taýýarlananda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir