24-nji iýunda Türkmenistanda «Medeniýet hepdeligi — 2023-iň» üçünji gününiň meýilnamasy sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň aýdym-sazly we folklor çykyşlary bilen utgaşdy. Ir bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda körpeleriň «Bagtyýar çagalyk» atly çykyşy geçirildi. Ýaş ýerine ýetirijiler myhmanlary aýdym-sazly, horeografik we folklor çykyşlary bilen begendirdiler. Giň gerimli döredijilik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgularyň çeper okaýyşlary hem-de ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň «Ylham joşguny» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Bu çärelere Magtymgulynyň döredijiliginiň sarpa goýýanlaryň köpsanlysy, ylym we medeniýet işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Agşam aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralan baýramçylyk dabaralaryna – «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparynyň, howa akrobatlarynyň, darbazlaryň, masgarabazlaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi.