Infiniti kompaniýasy giň gerimli rebrending yglan etdi. Premium brendi diňe bir logotipini däl, eýsem dilerler merkezleriniň tutuş mazmunyny üýtgetmek kararyna geldi. Dogry, käbir bäsdeşlerden tapawutlylykda, satuwlar onlaýna geçmeýär-de, henizem adaty formatda galýar. 1989-njy ýylda Infiniti döredilen gününden bäri brendiň emblemasynyň häzirki stili yzygiderliligi boýunça dördünjidir. Öňküsi ýaly, logotip gözýetime gönükdirilen ýoly alamatlandyrýar. Setirleriň galyňlygy kiçeldi we INFINITI sözündäki harplaryň arasyndaky aralyk, tersine, artdy. Beýleki markalaryň hemmesi "tekiz" logotiplere geçýär. Infiniti-de ol öňem şeýle görünýärdi. Emma ulaglarda welin, üç ölçegli nyşanlar we yşyklandyryjy bolar. Dünýädäki diler merkezleri hem täzelener. Infiniti muny "täze bölek arhitekturasy" diýip atlandyrýar. Sergi otaglary mümkin boldugyça ýagty bolar, ýöne içerde göni Gün şöhlesinden gaça durmaga çalşarlar. Ilkinji bolup täze dizaýny Tehasdaky (ABŞ), Meksikadaky we Katardaky salonlar synagdan geçirer. Infiniti-niň söwda nokatlarynyň içi ýapon däbinde bezeler. Hatda sitrus, kedr we serwi äheňjikleri garylan ýörite hoşboý yslary döredijiler hem şondan ylham alypdyrlar. Bu ys Infiniti diler merkezleriniň aýrylmaz bölegine öwrüler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir