2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin PETITDIDIERPRIOUX türgenleriň obasy gurlar. Bu barada Designboom portaly ýazýar diýip, rossaprimavera.ru belleýär. Meýdany 12 048 inedördül metr bolan taslama Fransiýanyň paýtagtyndaky eko-sebitde ekologiýa taýdan arassa desgalaryň birnäçesini öz içine alar. Türgenleriň ýaşaýan ýerlerini, ofisleri, lukmançylyk edaralaryny we beýleki desgalary hödürleýän taslama daş-töwerekdäki landşaft bilen utgaşmagy üçin dürli görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna üns bermek bilen işlenip düzülýär. Olimpiýa oýunlary tamamlanandan soň oba “miras tapgyryna” geçer we sosial ýaşaýyş jaýlary üçin ulanylar. Munuň üçin desgalaryň her biri esasan agaçdan ýasalar. PETITDIDIERPRIOUX topary ähli territoriýada ulanylyp, şäher landşaftynyň köpdürlüligi bilen bir bitewi we sazlaşykly dizaýn dilini üpjün edýän umumy düzgünleriň toplumyna eýerdi.