Lamborghini Ispaniýanyň Benaawis şäheriniň golaýynda öz ýaşaýyş jaý toplumynyň guruljakdygyny habar berdi. Dar Global kaşaň gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Tierra Viva diýlip atlandyrylýan taslama 53 villa girer. Olaryň dizaýny italýan markasynyň superkarlaryndan ylham alar. Awtoulag öndürijisi üç dizaýn-taslamasynyň kompýuter görkezişlerini neşir etdi. Villalar Diamante, Zafiro we Esmeralda diýlip atlandyrylar. Her jaýyň üçekdäki suwa düşülýän howzy, birnäçe eýwany, uly bagy we garažy bolar. Toplumyň ähli ýaşaýjylary Ortaýer deňziniň töwerekleýin görnüşinden lezzet alarlar. Tierra Viva Marbelýi dynç alyş zolagyndan 10 minutlyk aradaşlykda ýerleşýär. Şeýle hem golaýynda ýahtalar üçin deňiz duralgasy hem bar. Taslamanyň taýýar boljak wagty entek kesgitlenmedi. Lamborghini ýaşaýyş jaý gurluşygyna girişen ilkinji awtoulag kompaniýasy däl. Şeýlelik bilen, 2017-nji ýylda Sanni-Aýls-Biçde (ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami kenar ýakasynda) bu sebitdäki iň beýik binalaryň biri bolan Posche Design Tower guruldy. Ondan uzak bolmadyk ýerde Bentley Residences we beýik Aston Martin gurulýar, 59 million dollara barabar bolan penthauslaryň biriniň şol bahanyň içindäki seýrek Vulcan superkary hem bar. Bugatti-ni alamyzda bolsa, ol “rezidensiýalary” üçin Dubaýyň merkezini saýlady.