Üç lider EKSPO – 2030 Bütindünýä sergisini geçirmek üçin öz ýurtlaryny mahabatlandyrýar. Parižde geçirilen iki günlük baş assambleýasynda Halkara sergiler býurosynyň 179 agza döwletinden delegatlar EKSPO – 2030-y geçirmäge dalaşgärler hökmünde üç ýurdy – Saud Arabystanyny, Günorta Koreýany we Italiýany saýlamak üçin ses berdiler. Bu barada rwww3.nhk.or.jp habar berýär. Ses berişlikden soň Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri şazada Feýsal ben Farhan Al Saud paýtagt şäher Er-Riýadda sergini geçirmegiň taslamasyny hödürledi. Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol ýurduň ikinji uly şäheri Pusana goldaw bermäge çagyrdy. Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni öz ýurdunyň paýtagty Rimde ekologiýa taýdan arassa dostlukly sergini geçirmegi maksat edinýändigini belledi. Halkara sergiler býurosynyň agza döwletleri noýabr aýynda geçiriljek nobatdaky baş assambleýada EKSPO – 2030-yň nirede geçiriljekdigini kesgitlärler.