Hüjümçi Kriştianu Ronaldu sişenbe güni Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň düzüminde 200-nji oýnuna çykdy we taryhda bu bellige ýeten ilkinji oýunçy boldy. Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň dördünji duşuşygynda Islandiýa garşy geçirilen myhmançylykdaky oýnunda başlangyç düzümde meýdança çykdy. Bu görkeziji boýunça öňki rekord eýesi kuweýtli Bader al-Mutawa bolup, ol milli ýygyndysynyň düzüminde 196 gezek meýdança çykdy. Ronaldu 38 ýaşynda, “Altyn topuň” bäş gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropanyň çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi. Portugaliýaly bu oýunçy milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaryň dünýä çempionatlarynyň we Madridiň “Real”-ynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçysydyr. Hüjümçi karýerasynyň dowamynda iňlisleriň “Mançester Ýunaýted”-i, Portugaliýanyň “Sporting”-i we Italiýanyň “Ýuwentus”-y üçin çykyş etdi. 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Ronaldu Saud Arabystanynyň “Al-Nasr”-ynda oýnaýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir