Bütindünýä bankynyň karzy bilen maliýeleşdirilýän, “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreşmek” taslamasynyň çäginde Aşgabat şäherine ganyň umumy barlagyny geçirmäge niýetlenen bir tapgyr barlaghana reagenti gelip gowuşdy. Reagentler indi merkezi we sebit barlaghanalaryna paýlanar hem-de ýurt boýunça esasy barlaghana hyzmatlarynyň berlişini güýçlendirer. Bahasy 1,3 million dollardan gowrak bolan bu lukmançylyk serişdesini getirmek Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasynyň goldamagynda amala aşyryldy. Bu Maksatnama ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi bilen birlikde milli saglyk ulgamynyň geljekdäki kynçylyklara ukyplylygyny we taýýarlygyny güýçlendirmek ugrunda işleýär. Barlaghana reagentleri bilen üpjünçilik saglygy goraýyş we ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin BMG-niň ÖM-niň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň giň bukjasynyň bir bölegidir. Dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin esasy laboratoriýa hyzmatlary zerurdyr, bu goldaw agzalan hyzmatlaryň Türkmenistandaky ähli adamlara, şol sanda oba adamlaryna we çet sebitlerdäki ilat üçin elýeterli bolmagyny üpjün eder.